Belet Filmyň web sahypasy täzelendi

Şu günden başlap film.belet.com.tm web sahypasynyň täzelenen görnüşini ulanyp bilersiňiz. Web sahypamyz düýbünden täzeden dizaýn edildi, şeýle hem gözleg funksiýasy, serial görmek, žanr we saýlama toplumlary boýunça filtrler, reýtingi, senesi boýunça tertiplemek we başga-da köp zatlar goşuldy.

Image Description

Dizaýn

Filmleriň, seriallaryň we multfilmleriň sahypalarynyň interfeýsi monitor we kompýuterler üçin optimallaşdyryldy we baş sahypamyzda indi dünýä belli kinokompaniýalarynyň ýygyndylary, öň görlen hem-de halanýan filmleriň ýygyndylary we meşhur filmleriň kategoriýalaryny görüp bilersiňiz.

Seriallar

Seriallara tomaşa etmek mümkinçiligi goşuldy. Tomaşa etmek üçin menýudan “Serial” düwmesini saýlaň, halaýan serialaryňyza basyň we açylan penjireden sezonyny we bölümini saýlaň.

Image Description

Gözlemek

Indiden beýläk menýudaky gözleg düwmesini basyp, filmiň adyndan birnäçe harp ýazyp, islän filmiňizi tapyp bilersiňiz.

Image Description

Filtrler we tertipleşdirme

Uruşly filmler, detektiw, melodrama we başgalar ýaly žanr boýunça filtrlemek mümkinçiligi goşuldy. Şeýle hem Netflix, Apple TV, HBO, Discovery, Pixar we ş.m. saýlamalar arkaly film tapmak mümkin boldy. Şeýle hem, islenen filmleri gözlemegi aňsatlaşdyrmak üçin filmleriň goýberilen ýa-da goşulan senesi hem-de reýtingi boýunça tertipleşdirmek mümkinçiligi döredildi.

Image Description