Belet Filmyň web sahypasy täzelendi

Şu günden başlap film.belet.com.tm web sahypasynyň täzelenen görnüşini ulanyp bilersiňiz. Web sahypamyz düýbünden täzeden dizaýn edildi, şeýle hem gözleg funksiýasy, serial görmek, žanr we saýlama toplumlary boýunça filtrler, reýtingi, senesi boýunça tertiplemek we başga-da köp zatlar goşuldy.

Dizaýn
 

Filmleriň, seriallaryň we multfilmleriň sahypalarynyň interfeýsi monitor we kompýuterler üçin optimallaşdyryldy we baş sahypamyzda indi dünýä belli kinokompaniýalarynyň ýygyndylary, öň görlen hem-de halanýan filmleriň ýygyndylary we meşhur filmleriň kategoriýalaryny görüp bilersiňi

Seriallar
 

Seriallara tomaşa etmek mümkinçiligi goşuldy. Tomaşa etmek üçin menýudan “Serial” düwmesini saýlaň, halaýan serialaryňyza basyň we açylan penjireden sezonyny we bölümini saýlaň.

Gözlemek
 

Indiden beýläk menýudaky gözleg düwmesini basyp, filmiň adyndan birnäçe harp ýazyp, islän filmiňizi tapyp bilersiňiz.

Filtrler we tertipleşdirme
 

Uruşly filmler, detektiw, melodrama we başgalar ýaly žanr boýunça filtrlemek mümkinçiligi goşuldy. Şeýle hem Netflix, Apple TV, HBO, Discovery, Pixar we ş.m. saýlamalar arkaly film tapmak mümkin boldy. Şeýle hem, islenen filmleri gözlemegi aňsatlaşdyrmak üçin filmleriň goýberilen ýa-da goşulan senesi hem-de reýtingi boýunça tertipleşdirmek mümkinçiligi döredildi.